Häzirki zamanyň iň köp okalýan ýazyjylarynyň biri Paolo Koelýonyň «Alhimik» romany ekranlaşdyrylar diýip, THR neşirine salgylanýan «Kino-teatr.ru» ýazýar. 1988-nji ýylda neşir edilen meşhur romany ekranlaşdyrmaga öň köp kinostudiýalar, şol sanda «Warner Bros. », «The Weinstein Co.» we «Westbrook Studios» hem synanyşypdy, indi bu taslamany durmuşa geçirmäge «Legendary» we «TriStar» studiýalary girişmekçi diýlip, habarda aýdylýar. Häzirki zaman ýazyjylaryň eserleriniň arasynda iň köp dile terjime edilen roman hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen kitapda ýaş ispan çopany barada gürrüň berilýär, ol Müsüriň piramidalarynda gizlenen hazynanyň gözlegine gidýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir