2023-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýragy amerikaly gözlegçi Klaudiýa Goldine berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär. Baýrak “aýallaryň zähmet bazaryndaky ornuna düşünmekligiň kämilleşdirilendigi üçin” berildi. Komitetiň belleýşi ýaly, baýragyň eýesi “zähmet bazaryndaky gender tapawudynyň esasy sebäplerini ýüze çykardy”. Goldin asyrlaryň dowamynda zenanlaryň girdejileri we olaryň zähmet bazaryna gatnaşygy barada ilkinji giňişleýin hasabaty hödürledi. Onuň gözlegleri üýtgeşmeleriň sebäplerini, şeýle-de dowam edýän gender bölünişiginiň esasy çeşmelerini açyp görkezýär. Şwesiýaly hünärmenler soňky ýüz ýylda zähmet bazarynda aýallaryň üç esse köpelendigine garamazdan, düýpli gender tapawudynyň saklanýandygyny belleýärler. Taryhy nukdaýnazardan erkekleriň we aýallaryň arasyndaky girdejileriň deň gelmezligi bilim we hünär saýlamakdaky tapawutlar bilen düşündirildi. Şeýle-de bolsa, Goldin zähmet haklaryndaky bu tapawudyň esasy böleginiň häzirki wagtda şol bir kärdäki aýallaryň arasynda bolup geçýändigini we onuň, esasan, ilkinji çaganyň dünýä inmegi bilen ýüze çykýandygyny görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir