“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň 18-nji tapgyry bolan Kataryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş “Lusail” halkara awtodromynda geçirildi. Werstappen bir gün öň sprint ýaryşynyň jemi boýunça umumy sanawda möhletinden ir ýeňiş gazandy we dünýäniň üç gezek çempiony boldy. Tapgyrdaky ýeňiş onuň üçin möwsümde 14-nji boldy. Ol Katardaky ýaryşda karýerasynda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Ikinji orny “Maklarenden” awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi, onuň topardaşy britaniýaly Lando Norris üçünji bolup pellehana geldi. “Mersedesden” britaniýaly Jorj Rassel dördünji orny eýeledi. Rassel birinji aýlawda topardaşy britaniýaly Lýuis Hemilton bilen çaknyşdy, netijede Hemilton ýaryşy dowam etdirip bilmedi. Ilkinji onlukda olaryň yzyndan gelýär: 5. Şarl Lekler (Monako, “Ferrari”); 6. Fernando Alonso (Ispaniýa, “Aston Martin”); 7. Esteban Okon (Fransiýa, “Alpin”); 8. Waltteri Bottas (Finlýandiýa, “Alfa Romeo”); 9. Çžou Guanýuý (Hytaý, “Alfa Romeo”); 10. Serhio Peres (Meksika, “Red Bull”). Indiki tapgyr 20 – 22-nji oktýabrda ABŞ-da geçiriler.