“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal Ispaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda goluň iň ýaş awtory boldy. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär. Dokuzynjy tapgyryň “Granada” garşy oýnunda Ýamal oýnuň birinji ýarymyna goşulan birinji minutda gol geçirdi. Oýun wagty hüjümçi 16 ýyl 2 aý 25 gün ýaşyndady. Oýun 2:2 hasabynda tamamlandy. Öň, La Ligada iň ýaş gol geçiren oýunçy kamerunly hüjümçi Fabris Olingady, ol 2012-nji ýylda 16 ýyl 3 aý 6 gün ýaşynda “Malaganyň” düzüminde “Selta” toparyna garşy gol geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir