Italiýanyň Futbol çempionatynyň sekizinji tapgyrynyň myhmançylykdaky oýnunda “Milan” 1:0 hasabynda “Jenoany” ýeňdi. Amerikaly ýarymgoragçy Kristian Pulişiç 87-nji minutda ýeke-täk goly tora girizdi. Duşuşygyň ahyrynda iki toparyň hem derwezebanlary meýdançadan çykaryldy. Duşuşygyň dokuzynjy minudynda “Milanyň" fransuz derwezebany Maýk Menýan göni gyzyl duýduryş aldy. Çalyşmaga başga derwezebanyň ýoklugy sebäpli, onuň ýerine derwezede watandaşy, hüjümçi Oliwýe Žiru durmaly boldy. Dört minutdan soň, “Jenoanyň” ispaniýaly derwezebany Hosep Martines ikinji sary duýduryşy aldy. Şol sebäpli italiýaly derwezeban Nikola Leali Belgiýanyň ýarymgoragçysy Kony De Winteriň ornuna meýdança girdi. “Milan” 21 utuk bilen Italiýanyň çempionatynda birinji orny eýeledi we ýaryşda ýeňiş seriýasyny dört oýna çenli uzaltdy. Topar günüň başga bir oýnunda öz meýdançasynda “Bolonýa” bilen deňme-deň oýnan “Interiň” şowsuzlygyndan soň, milli çempionatyň lideri bolmagy başardy (2: 2).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir