Google kompaniýasy smartfon bazarynda edil öňdebaryjylaryň hatarynda däl hem bolsa, Pixel-iň meşhurlygy kem-kemden artýar. Habar berişlerine görä, gözleg ägirdi häzire çenli bu smartfon maşgalasynyň 38 milliona golaýyny satypdyr. Has takygy, 2016-njy ýyldan şu güne çenli 37,9 million satylypdyr. Bu juda ujypsyz görkeziji, ýöne soňky bir ýylda Google-yň, takmynan, 10 million smartfon satandygyny, ýagny, ýedi ýylyň içinde umumy möçberiň dörtden birinden gowragyny satandygyny bilmek möhümdir. Bir ýyl öň kompaniýa 7,2 million smartfon satdy, ýagny Pixel -iň satuwy ýylsaýyn we ep-esli derejede ösmegini dowam etdirýär. Täze Pixel 8-iň we 8 Pro-nyň öňkülerinden has gymmatlandygyny, şol bir wagtyň özünde has gowulaşandygyny ýatladýarys, ýedi ýyllyk goldaw döwri bu görnüşiň smartfonlary üçin asla üýtgeşikdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir