Madridiň “Realynyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem La Liganyň 9-njy tapgyrynyň “Osasuna” bilen oýnunda goşa gol geçirdi (4:0). Munuň netijesinde iňlis futbolçysy “Real” üçin 10 başlangyç oýunda 10 pökgi geçirmegi başardy. 20 ýaşly iňlis oýunçysy bu möwsümde ähli ýaryşlarda “Real” üçin on oýunda on pökgi geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi. Bu Kristianu Ronaldunyň “Real” üçin 10 başlangyç oýunda salan gollaryndan - 10 + 1-den has köp. Şeýlelikde, iňlis futbolçysy möwsümiň degişli döwründe portugaliýaly futbolçynyň görkezijilerinden öňe geçdi. Bellingemiň soňky transfer penjiresinde Dortmundyň “Borussiýa”-syndan “Real”-a 103 million ýewro geçendigini ýatladýarys. Oýunçynyň Madridiň kluby bilen baglaşan şertnamasy 2029-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Transfermarkt internet portalynyň habaryna görä, futbolçynyň çak edilýän bahasy - 120 million ýewro.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir