8-nji oktýabra geçilýän gije San-Diýegoda (Kaliforniýa, ABŞ) Bellator 300 garyşyk söweş sungaty ýaryşy geçirilip, esasy ýaryşda ýeňil agramdaky russiýaly çempion Usman Nurmagomedow we amerikaly türgen Brent Primus duşuşdy. Söweş bäş raundyň hemmesinde dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Nurmagomedowyň ýeňmeginde tamamlandy (50-45, 50-45, 50-45). Bellator 292-de bolup geçen öňki söweşinde Nurmagomedowyň birinji tapgyrda ABŞ-nyň wekili Benson Hendersony demikdiriji täri bilen ýeňendigini ýatladýarys. Nurmagomedowyň hasabynda 18 sany MMA söweşi bolup, ol 18 ýeňiş gazandy we olaryň sekizisini nokaut bilen gazandy. Amerikaly türgen Primus öňki söweşinde Bellator 296-da eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Mansur Barnaui ýeňdi. Onuň hasabynda 12 ýeňiş we dört ýeňliş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir