Efiopiýaly Kelwin Kiptum Çikago marafonynda ýeňiji bolup, täze dünýä rekordyny goýdy. 23 ýaşly türgeniň görkezen netijesi 2 sagat 35 sekunt boldy. Ol 2022-nji ýylda Berlin marafonynda watandaşy Eliud Kipçogeniň goýan rekordyndan (2:01,09) hem gowy netije gazandy. Kiptum şu ýylyň başynda London marafonynda hem 2:01,25 wagt bilen (taryhdaky iň gowy üçünji wagt) ýeňiji bolupdy we geçen ýyl Walensiýada (2:01.53, taryhyň iň çalt altynjy netije) ýeňiş gazanypdy. Galyberse-de, Walensiýadaky ýaryş onuň karýerasyndaky ilkinji marafon bolupdy. Kiptumyň dünýä rekordy Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (WorldAthletics) tarapyndan indi tassyklanmaly.