«Kia» koreý kompaniýasy «Rio» modeliniň ornuny tutjak täze «K3» hetçbegini tanyşdyrdy. Bu barada autoreview.ru habar berýär. «Kia K3» hetçbeginiň uzynlygy 4295 mm, teker binýady 2670 mm. Awtoulagda LED faralar we çyralar, 17 dýuýmlyk teker diskleri, gara plastikden gapy bezegleri we goşa gaz çykarýan turbalar bilen enjamlaşdyryldy. Salondaky öň panelde uly giň göwrümli displeý ýerleşdirildi, ol özünde gural panelini we multimediýa ulgamyny birleşdirýär. Ulag alty howa ýassygy, goşa zolakly howa gözegçilik ulgamy, awtomatiki gyssagly duruzmak (tormoz) ulgamy, zolakdan çykman sürmek we «kör» nokatlara gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze «Kia K3» 1,6 we 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijiler bilen hödürlener. Geçiriş korobkasy iki nusgada göz öňünde tutuldy: alty basgançakly mehanika ýa-da awtomat. Bahalar entek yglan edilmedi, satuwy diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak meýilleşdirilýär.