9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany myhmany mübärekläp, bu sapara ýurdumyz bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny nygtady. Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň çäklerinde hereketleri utgaşdyrmagyň, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhümdigini nygtap, meseleleriň giň toplumy boýunça syýasy dialogy alyp barmakda ÝHHG-niň uly ornunyň bardygyny aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi, onuň dürli ugurlar boýunça maksatnamalaýyn esasda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutany Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri we kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm orun berilýändigini aýdyp, bu ugurda ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljekde-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, öz tarapyndan ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir