2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy başlanar. Gurluşyk işlerini ýerli gurluşyk kärhanalary amala aşyrar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir