Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Desganyň gurluşyk taslamasy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat boýunça iş saparynyň barşynda tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Belläp geçsek, häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar.