Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda meýilleşdirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gerimi bilen tanyşlygynyň çäklerinde çapuw ýodalaryna düşelýän örtügiň özboluşly aýratynlyklary barada aýdyp, olar üçin Garagum sährasynyň çägesini ulanmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi taryhyň dowamynda atçylyk babatda toplanan tejribäniň we milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.