Dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş banky ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat boýunça iş saparynyň amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşlygynyň çäginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň dünýäniň dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle maliýe edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem bar. Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almak, anyklamak we degişli bejergileri geçirmek babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynda we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.