9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Türk işewüri özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri işlenip taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar. Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda şeýle hem işewür Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzda 10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk, pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we “Altyn Aý” altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk hyzmatdaşlaryň, aýratyn-da, Ahmet Çalygyň Türkmenistanda saglygy goraýyş, önümçilik we energetika ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyklaryny amala aşyran kompaniýasynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekdäki uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtady. Işewür daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnamalaryň, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine “Çalyk Holdingiň” taýýardygyny tassyklady. “GAP Inşaat” kompaniýasynyň häzirki döwürde Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman merkezleriniň gurluşygyny alyp barýandygyny belläp, Ahmet Çalyk hemme işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetiriljekdigine, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga beriljekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir