Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady. «Siz: «Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip belleýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri ýurdumyzda adam hakyndaky aladalaryň täze taryhy döwrümizde hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Siziň baştutanlygyňyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň täze taryhy döwrümizde hem üstünlikli dowam etdirilmeginiň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir