Şu gün, 10-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahaty öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksadydyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar» - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belleýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Diňe 2023-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap saglyk maksatly desgalary, şol sanda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligini we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanylmaga berildi. «Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, bu işi yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýarys. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow bellerýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onlarça çagalar baglary, orta mekdepler dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür. Gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we tutuş ýurdumyzda gurlan döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde toplanan oňyn tejribeler, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirýän işler hem munuň aýdyň subutnamalarydyr. Şu ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde halkara sport baýramçylygyna öwrüljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, şeýle hem türkmen milli we alyş göreş görnüşleri boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionatyny ýokary derejede geçirip, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrarys» diýlip Gutlagda bellenilýär.