Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. «Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk amallaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça gazanylýan üstünlikler örän guwandyrýar. Biz geljekde-de bu ugurda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezlerini, köpugurly hassahanalary, şypahanalary, derman kärhanalaryny, saglyk öýlerini gurmak arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün ederis. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýlip Gutlagda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir