10-njy oktýabrda Azerbaýjanda Şuşa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 27-nji mejlisi geçiriler. Mejlisiň esasy gün tertibinde şu ýylyň noýabr aýynda Özbegistanda Daşkent şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşylar diýip, ORIENT agentligi habar berýär. Mejlisiň dowamynda taraplar guramanyň agza döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşarlar. Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy — sebitleýin döwletara ykdysady düzüm bolup, oňa 10 sany döwlet girýär — Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan. Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda 2023-nji ýylda Azerbaýjan başlyklyk edýär.