11-nji oktýabrda 18:00-da Arkadag şäherinde şäher häkimliginiň golaýyndaky binada V Wena baly geçiriler. Çäräniň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň DIM-niň we Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmen-awstriýa jemgyýeti Wena şäheriniň häkimi Mihael Lýudwigiň howandarlygynda geçiriler. Bu barada ORIENT agetnligi Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň Neda Bergere salgylanyp habar berdi. Neda Berger bu çäräniň täze şäherde ilkinji gezek geçiriljekdigini we oňa Awstriýadan işewür wekilleriň, Wenanyň şäher häkimliginiň agzalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, şol sanda Wenanyň esasy tans bäsleşiginiň ýeňijisi Demitor Ştefaniniň geljekdigini nygtady. Şeýle hem Türkmen-Awstriýa orkestriniň gelmegine garaşylýar. Ol 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde professor Wolfgan Hareriň we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda konsert berer. Soňky gezek Wena baly 2019-njy ýylda geçirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir