9-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň häzirki Başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşygy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy. Energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa ýaly ugurlar boýunça ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir