AVVA brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri egin-eşikleriň täze tapgyrynyň gelendigini habar berdi. Täze gelen kolleksiýanyň içinde erkekler üçin kostýumlaryň, switerleriň, jinsileriň, köýnekleriň, balaklaryň, köwüşleriň we beýleki egin-eşikleriň dürli görnüşleri bar. AVVA brendiniň önümleri dünýä ýüzünde, şol sanda ABŞ-da, Germaniýada, Russiýada, Rumyniýada, Müsürde, Marokkoda, Özbegistanda giňden ýaýrandyr. Dünýäde müňlerçe dükan bu brendiň önümlerini alyp satýar. AVVA brendi önümlerinde diňe tebigy materiallary ulanýar hem-de döwrebap modany yzarlaýar. Avva brendiniň egin-eşikleri ýokary hilli matalardan öndürilip, olar jana rahatlygy, reňkleriniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu dükandan islendik adam göwnünden turjak eşigi tapyp biler. AVVA egin-eşiklerine geýinen adam — bu stiliň hem modanyň nusgasy diýmekdir. AVVA brendiniň resmi dükanlary Aşgabatda «Parahat» bazarynda (Mir bazary) hem-de «Berkarar» söwda-dynç alyş bazarynda ýerleşýär. Avva brendiniň egin-eşiklerini Asmanexspress ykjam goşundysynyň Asmanshop bölüminden onlaýn gözden geçirip, öýde geýip görmek üçin sargyt edip bilersiňiz. Saýt: asmanexpress.com/shop/tm Telefonlar: +99364 64-68-68 +99364 75-13-20