Pakistanyň premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakar energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýän we onuň örän gymmat çeşmelerini ulanýan Pakistan hökümetiniň gaz importy boýunça Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. “Türkmenistanda gazyň potensialy örän uly we men wagtlaýyn hökümet ygtyýarynyň möhletiniň ahyryna çenli bu babatda amaly netijä geleris diýip umyt edýärin” – diýip, premýer-ministr Talk Shock media platformasyna beren interwýusynda aýtdy. Muny Associated Press of Pakistan (APP) agentligine salgylanyp, Orient ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, ol birnäçe hepdeden Pakistanyň energetika ministriniň Türkmenistanda geçiriljek Energetika hepdeligine (25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2023 nebit-gaz forumy) gatnaşjakdygyny habar berdi. 9-njy oktýabrda Anwar-ul Hak Kakar Pakistanyň Federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali bilen duşuşdy. Premýer-ministre maýa goýumlara ýardam etmek boýunça Ýörite geňeşiň çäklerinde ýurduň mineral-çig mal pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi.