Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyny geçirer. Olimpiada ýokary okuw mekdeplerindäki hünärlerine garamazdan himiýa bilen gyzyklanýan ähli talyplar gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar üçin hasaba alyş şu ýylyň 10-njy noýabryna çenli olimpiadany guraýjy uniwersitetiň saýtynda açykdyr. Hasaba alyşdan soň her talyp görkezilen elektron poçta salgysyna gatnaşmak üçin salgylanma we parol alar. Olimpiada 14 – 17-nji noýabrda indiwidual we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Indiwidual tapgyr gatnaşyjylary iki kategoriýa böler – A we B. Birinjisine himiýany öwrenmäge ýöriteleşen talyplar girer. Ikinji kategoriýa beýleki ugurlarda okaýanlar üçin niýetlenendir, olar islese, birinjiniň düzümine goşulyp bilerler. Olimpiadanyň ýumuşlary saýlanan kategoriýa laýyklykda hödürlener. Olimpiada soraglary himiýanyň dürli bölümleri boýunça düzülen test geçirme görnüşinde bolar. Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir