Täze «Renault Kardian» krossoweri şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Rio-de-Žaneýroda tanyşdyrylar. Bu barada «Renault» brendiniň metbugat gullugy habar berýär. Awtoulagyň, ilkinji nobatda, Günorta Amerikanyň bazarlaryna niýetlenendigi bellenilýär «Renault Kardian» fransuz markasynyň «Renault Kardian» Ýewropanyň daşyndaky öň tarapy täzelenen we radiator gözeneginde «Nouvel'R» logotipi ýerleşdirilen ilkinji modeli bolar. Krossoweriň uzynlygy 4150 mm-e deň bolar. Modeliň tehniki aýratynlyklary tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda mälim ediler. Häzirlikçe «Renault» diňe awtoulagyň suratyny ýaýratdy. Täze ulagyň satuwynyň haçan başlanjakdygy barada maglumat ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir