Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmämmet Garajaýew duşenbe güni Dubaýda geçirilen Dragon Oil kompaniýasynyň täze logotipini tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy. Dabarada kompaniýa nebit önümçiligini artdyrmak meýilnamalary barada aýtdy diýip, Orient habar berýär. Dragon Oil kompaniýasynyň baş müdiri Ali Raşid Al-Jarwan firma logotipiniň 24 ýyl mundan ozal başlanan taryhy barada gürrüň berdi. Şol wagt diňe Türkmenistanda aktiwleri bolan kompaniýa Hytaý Halk Respublikasyndan ilkinji eýesine degişlidi. Kompaniýa nebiti gazyp almagy 2000-nji ýylda günde 7000 barrelden başlady. Häzirki wagtda nebitiň gazylyp alnyşy bir günde 18 000 barrele ýetdi: Türkmenistanda – günde 60 müň barrel, Müsürde – 55 müň barrel we Yrakda – 65 müň barrel. Kompaniýa, aýratynam, Türkmenistanda we Yrakda nebitiň gazylyp alnyşyny artdyrmaga taýýar, sebäbi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bir günde 250 000 barrele ýetmegi maksat edinýär. Al-Jarwanyň aýtmagyna görä, öňki logotip 2000-nji ýylyň maý aýyndan, türkmen hökümeti bilen önümi paýlaşmak barada şertnama baglaşylandan bäri hereket edip, 9-njy oktýabra çenli saklandy. Logotipiň üýtgedilmegi Dragon Oil-iň indi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Müsür Arap Respublikasynda we Yrak Respublikasynda-da iş alyp barýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, täze logotip “D we O” harplaryndan ybarat bolup, Al-Jarwanyň aýtmagyna görä, ol nebit pudagynda hyzmatdaşlygyň integrasiýasyny we sazlaşygyny aňladýar, Dubaý emirliginiň adyny görkezýän D harpy hem-de “nebiti” aňladýan O harpy bilen kompaniýanyň stilini we ruhuny şöhlelendirýär. Kompaniýa BAE-niň 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny nola getirmek borçnamalaryna laýyklykda öz işiniň ähli tapgyrlarynda zyňyndylary azaltmagy we klimatik taýdan bitarap bolmagy maksat edinýär, şol bir wagtyň özünde dünýä ülňülerine, islege we daşky gurşaw baradaky jogapkärçilige laýyklykda nebiti gazyp almagy dowam eder. Şu maksat bilen Al-Jarwan beýlekiler bilen bir hatarda Türkmenistanda gazyň we nebitiň çykarylyşynyň gazlift diýlip atlandyrylýan prosesiň kömegi bilen artdyrylýandygyny belledi. DO-nyň strategiýasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bir günde 300 000 barrele ýetmäge gönükdirilendir, ýetmezçilik edýän 50 000 barrel bolsa günde 40 – 50 000 barrel aralygyndaky täze önümçiligi gazanmak we munuň üçin 500 mln ABŞ dollaryny bölüp bermek arkaly alnar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir