Hemmeleriň wagtyny şadyýan geçirmegi üçin çagalar dabaralaryny guramak pikir edilişinden has kyn. Dabaranyň sebäpkäriniň we myhmanlaryň ýürekleriniň gysmazlygy üçin stollary süýjüler, içgileri we beýleki tagamly zatlar bilen bezemek ýeterlik däl. Çäräniň geçirilýän ýeri we dynç alyş maksatnamasy hem möhümdir. «Soltan Loft» restorany ene-atalara çagalar baýramçylyklaryny guramak we geçirmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Ýörite enjamlaşdyrylan meýdançanyň kömegi bilen, ýaş dabara gatnaşyjylar tans edip, professional animatorlaryň çykyşlaryndan lezzet alyp bilerler. Mundan başga-da, restoranyň içinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan güýmenje we oýun meýdançasy bar, bu ýerde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen köp sanly attraksionlar: hiňňildikleri, karuseller, dyrmyşmak üçin çykmak jaýjagazlary, oýun awtomatlary, konstruktorlar we beýlekiler ýerleşdirilendir. Şeýle hem bu ýerde kiçeňräk oýunjak dükany hem-de süýjülikler we içgiler satylýan naharhana hereket edýär. Restoranyň menýusynda çagalaryň göwnünden turjak tagamlar – kartoşka fri, gamburgerler we çizeburgerler, towuk we gök önümler bilen taýýarlanan tagamlar, şeýle hem türk süýjülikleriniň dürli görnüşleri bar. «Soltan Loft» restoranynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 72-nji jaý, «Soltan» binasy. Habarlaşmak we stolllary bronlamak üçin telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66. Şeýle-de okaň: Aşgabatdaky «Soltan Open Air» restorany güýz agşamyny eýwanda açyk howada geçirmäge çagyrýar «Coffee Project» – bir käse kofeniň başynda dynç almagy halaýanlar üçin ajaýyp ýerdir

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir