Italiýada «Italiýa-2023» festiwalynyň çäginde Baş Assambleýanyň yzygiderli mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew gatnaşdy. «Prix Italia 2023» festiwalynyň ýapylyş dabarasy 1948-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Şu ýyl Baş Assambleýanyň mejlisine dürli ýurtlardan 13 sany täze wekil gatnaşdy. Festiwalyň çäginde Ýewropa telewideniýe kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu barada HHM habar berdi. «Prix Italia» radio, telewideniýe we internet ýaly iň gadymy we abraýly halkara festiwallaryndan biridir. Ol ýerde dört ugur, ýagny drama, dokumental filmler, telewideniýe we radio ugurlary boýunça baýraklar gowşurulýar Bu çärä her ýyl Italiýada geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir