Nobel baýragynyň geňeşi edebiýat ugry boýunça ýeňijini yglan etdi, ol Norwegiýadan bolan ýazyjy Ýun Fosse diýip, «MIR 24» habar berdi. Ýazyjy baýraga «beýan edip bolmajak durmuş ýagdaýlaryny şöhlelendirýän kyssa we drama eserleri üçin» mynasyp boldy. Fosseniň döredijiligi köptaraply bolup, ençeme pýesalardan, romanlardan, şygyr ýygyndylaryndan, esselerden, çagalar üçin kitaplardan hem-de terjime eserlerden ybaratdyr. Ol dünýäde eserleri iň köp sahnalaşdyrýan dramaturgdyr. Fosseniň kyssa eserleri dünýäde barha giň ykrarnama eýe bolýar diýip, Şwesiýanyň Patyşalyk akademiýasynyň habarynda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir