Türki Döwletler Guramasyna (TDG) agza döwletler notarius pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, gurama agza ýurtlarda notarius pudagynda sanly integrasiýa amala aşyrylar we tassyklanan resminamalary almagyň tertibi ýeňilleşdiriler diýip, «Report.az» Azerbaýjanyň Notarius edarasynyň ýolbaşçysy Güseýn Mamedowyň sözlerine salgylanýar. «TDG agza ýurtlaryň notarius edaralary tarapyndan gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama döwletleriň arasynda notarius amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek eder» diýip, G.Mamedow Türki dünýäsiniň Notarius birleşiginiň döredilmegi mynasybetli guralan çäräniň çäginde aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň notarius edaralary tarapyndan bilelikde gol çekilen bu resminama bu döwletleriň degişli edaralarynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna we degişli meseleleriň kanuny taýdan kadalaşdyrylmagyna ýardam eder. Azerbaýjanyň Notarius edarasynyň ýolbaşçysy geljekde bu işler TDG-de synçy ýurt statusyna eýe bolan Türkmenistanda, Wengriýada we Demirgazyk Kiprde hem ýola goýlar diýip ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir