Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady. Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, hatda şeýle sözler bar: — Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size Koreýa Respublikasynyň milli baýarmy — Azat ediş gününiň 78 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkeýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, geljek ýyllarda Siziň bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga şatdyryn. Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir