Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi diýip, Jeyhun.news ýazýar. Munuň üçin kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär. Çäräniň geçiriljek ýeri: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800422) 3-17-28.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir