Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň 11-nji kärendeçiler toparyn ýaş kärendeçisi Umida Kadyrowa şu ýyl «ak altynyň» her gektaryndan 40 sentnere ýetirip hasyl tabşyrmagy meýilleşdirýär. Topara Umidanyň ejesi Gözel gelneje ýolbaşçylyk edýär. Ejesi Umidanyň öz adyna kärende ýeri almak barada gelen netijesini ikelläp goldady. Umida häzir 10 gektar meýdana eýeçilik edýär. Kärendeçiligiň ilkinji ýylynda her gektardan 35, geçen ýyl bolsa 38 sentner hasyl alan Umida bu ýyl kärende ýeriniň her gektaryndan 40 sentner hasyl almagy öz öňünde maksat edip goýdy. Onuň eden yhlasy ýerine hem düşdi. Ilkinji ýygymda ol şertnamalaýyn meýilnamasynyň deň ýarysyny ýerine ýetirdi. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.