Kabul şäherinde geçirijilik ukyby 500 kW/s bolan Türkmenistan — Owganystan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça galan işleri ýerine ýetirmek üçin ýerli hususy kompaniýa bilen şertnama baglaşyldy. Bu barada TOLOnews.com habar berýär. Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bu taslamanyň iki ýylda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi. Bellenilmegine görä, onuň durmuşa geçirilmegi Kabulyň we beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň we senagatçylarynyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer. «Ýerli kompaniýanyň maýa goýumlarynyň netijesinde Daşt-Alwandan Çouk-Argandi etrabyna çenli uzynlygy 128 kilometre barabar, geçirijilik ukyby 500 kW/s bolan elektrik geçirijisi çekiler. Daşt-Alwandan Şibirgan şäherine çenli bolsa başga bir kompaniýa bilen şertnama baglaşyldy» diýip, Abdul Latif Mansur belledi. Owganystanyň Energetika ministrligi bu taslamany paýtagt Kabuly, şol bir wagtyň özünde merkezi, gündogar we günorta welaýatlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin iň möhüm infrastruktura taslamalarynyň biri hasaplaýar.