Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşykda adybir topar Marynyň «Merwini» kabul etdi. Duşuşygyň eýýäm 19-njy minudynda «Köpetdag» Batyr Täçnazarowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. 52-nji minutda bolsa Ýagşysähet Döwletgeldiýew meýdanyň burçundan oýna girilen pökgini gola öwürtmegi başardy. 73-nji minutdan başlap bolsa «Köpetdag» her 10 minuda bir gol sygdyrdy. 73-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 83-nji we 93-nji minutlarda bolsa Şamämmet Hydyrow tapawutlanyp, «Köpetdagyň» has uly tapawut bilen ýeňiş gazanmagyna goşant goşdy. Şeýlelikde, 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Köpetdag» Ýokary ligadaky utugyny 20-a çykaryp, bäşinji orundaky ýerini gorady. 12 utukly «Merw» bolsa ýedinji basgançakda galdy. Witaliý Alikperowyň şägirtleriniň 13 günde bäş duşuşyk geçirendigini hem bellemek gerek. Hut, şu oýun dyknyşygy hem Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparyň güýjüniň näme üçin haýallandygyna şaýatlyk edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir