Türkmenistanda dostlukly saparda bolýan fransuz syýahatçy ýazyjysy Sedrik Gra Aşgabatdaky Fransuz institutynyň talyplary bilen duşuşdy. Myhman özüniň fransuz dilindäki bäş sany kitabyny institutyň kitaphanasyna sowgat berdi. Olaryň üçüsi syýahatlar barada, biri roman, biri-de fantastikadyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Ýazyjy bilen duşuşmak üçin ýygnananlaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary-da bardy. Habarda bellenilişi ýaly, syýahatçy ýazyjy ýaşlarda diýseň uly gyzyklanma döretdi. Talyplar onuň ykbaly, Antarktidadan we Alp daglaryndan galan ýatdan çykmajak täsirleri, nädip hakyky alpinist bolmalydygy, onuň ýazyjy bolmagyna nämäniň sebäp bolandygy we elbetde, howanyň bütindünýäde maýlamagy hakynda sorag berdiler. «Öň Orta Aziýada bolanam bolsam, Türkmenistana ilkinji gelşim. Ýene-de ýurduňyza gelsem, hökman türkmen alpinistleri bilen Köpetdaga çykarys» diýip, ýazyjy aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir