Bütin Fransiýada mekdepleriň birnäçesini tagtabitleriň köpelmegi sebäpli wagtlaýyn ýapmaly boldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýurduň Bilim ministrligi mör-möjekleriň synp otaglarynda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda duşýandygyny habar berdi, häzir mekdepleriň 5-si ýapyldy we okuwçylaryň 1,5 müňüsi onlaýn okuw düzgünine geçirildi. Golaýdaky dynç alyş möwsümi 21-nji oktýabrda başlanar we okuw binalarynda arassaçylyk işleri geçiriler. Ýeri gelende aýtsak, tagtabitler soňky günlerde Fransiýada öýlerde, hassahanalarda, kinoteatrlarda we kitaphanalarda duşýar. Şeýle hem olaryň jemgyýetçilik ulaglarynda hem duşýandygy barada köpsanly habarlar gelip gowuşýar. Ýerli häkimiýetler Parižde Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli olara garşy göreşmek boýunça çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýdýarlar.