Ertir Moskwadaky «Crocus City Hall» konsert zalynda «Ak hasa» XIV halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala konserti bolar. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar. portal-kultura.ru web sahypasynda habar berlişi ýaly, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly 11 ýurtdan görüşinde ýetmezçilik bolan 500 çaga ýylyň dowamynda saýlama konsertiň tapgyrlaryndan geçdi. «Crocus City Hall»-daky gala konsertine diňe 70 çaga çagyrylýar. Finalçylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri bar. Çagalar Zara, Alsu, Lýusýa Çebotina, Şaman, Wanýa Dmitrienko, Anastasiýa Makeýewa, Denis Maýdanow, Mark Tişman, Anita Soý, Dmitriý Guberniýew, Ýuliýa Parşuta, Dmitriý Koldun, Aleksandr Panaýotow, Rodion Gazmanow ýaly meşhur sungat işgärleri bilen bir sahnada çykyş ederler. Festiwal her ýyl 15-nji oktýabrda bellenilýän Halkara Ak hasa güni mynasybetli geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ak hasa kör adamy alamatlandyrýar. Festiwalyň geçiş tertibi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, onda görüşi pes bolan çagalar meşhur aýdymçylar bilen bilelikde çykyş edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir