ÝHHG-niň başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmaniniň şu gün Türkmenistana sapary başlanýar. Bu barada Demirgazyk Makedoniýanyň DIM-ine salgylanyp, MIA habarlar agentligi habar berdi. Bellenilişi ýaly, Osmaniniň Türkmenistana sapary Demirgazyk Makedoniýanyň ÝHHG-e başlyklyk etmegi boýunça maksatnamasynyň 2023-nji ýyldaky esasy wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine we guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda alyp barýan işlerine goldaw bermekden ybaratdyr. Osmani Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa hem-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirer. Mundan başga-da, Osmani saparynyň çäklerinde ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy hem-de Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň ilçileriniň birnäçesi bilen duşuşar.