13-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sammitiň gün tertibinden Merkezi Aziýa sebitinde suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler hem orun alar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Waldaý» forumynda žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde belläp geçdi. Bellenilişi ýaly, «Waldaý» forumynda žurnalistiň sowalyna beren jogabynda Wladimir Putin ýakynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Bişkek sammitiniň dowamynda sebitiň gidroenergetika bilen bagly derwaýys meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp geçdi. W.Putin bu meseläniň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetiniň ýokarydygyny aýratyn nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir