Gadymy grek matematigi Pifagor «Katetleriň kwadraty gipotenuzyň kwadratyna deň» diýýän meşhur teoremanyň awtory däl, amerikaly matematik Brýus Ratner şeýle netijä geldi diýip, «MIR 24» ýazýar. ABŞ-nyň Ýel uniwersitetinde biziň eýýamymyzdan öňki 1800-1600-njy ýyllar bilen senelenýän wawilon tagtajygy saklanýar, alymyň pikiriçe, onda Pifagoryň teoremasyny ulanmagyň nusgasy şekillendirilendir. Pifagor bu tagtajyk döredilmezinden 1000 ýyl soňra, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki 570-490-njy ýyllarda dünýä inipdir. Ratner Pifagoryň teoremasyny oňa şägirtleriniň degişli edendigi barada netijä geldi, alym beýik açyşyň gadymy grek alymynyň adyna ýalňyş degişli edilýändigini görkezýän maglumatlara salgylanýar diýip, «Journal of Targeting, Measurement and Analysis for Marketing» neşiri ýazýar. «Pifagoryň teoremasy wawilon matematikleri tarapyndan onuň dogulmazyndan bir müň ýyl öň açylyp, subut edilipdir. Pifagor bu açyşy ýaýradypdyr, bu bolsa onuň ylmyň öňündäki hyzmatyny birjigem kemmeýär» diýip, Ratner aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir