Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurdy dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy diýip, «Yeni Şafak» gazetine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Bu barada «Belta.by» ýazýar. Neşiriň ýazmagyna görä, Ärdoganyň kandidaturasyny partiýanyň gurultaýyna gatnaşan delegatlaryň ählisi goldady, netijede, ol sesleriň 1399-syny aldy. Partiýa 2001-nji ýylda Ärdoganyň ýolbaşçylygynda döredildi, ol eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdy dolandyryjy partiýa bolup durýar.