Hemra maglumatlary Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň gözegçiligiň taryhynda iň ulularyň biri bolandygyny görkezdi. Onuň göwrümi Braziliýanyň meýdanyndan üç esse uludyr diýip, MIR 24 habar berýär. 16-njy sentýabra çenli ýagdaýa görä, deşik 26 mln inedördül kilometre ýetdi. Hünärmenler onuň ulalmagy dowam etmeginden howatyrlanýarlar – ozonyň tükenmeginiň ýokary derejesi, adatça, oktýabr aýynyň ortalaryna düşýär. Ozon deşiginiň ululygy möwsüme görä üýtgeýär. Ol awgust aýynda, Günorta ýarym şarda ýaz düşen wagty ulalyp başlaýar we oktýabr aýynda ýokary derejesine ýetýär. Tomsuna (Antarktidada ol dekabr-fewral aýyna düşýär) deşik ýapylýar, sebäbi stratosferadaky temperatura ýokarlanýar we ozon gatlagynyň dargamagyna getirýän mehanizmler gowşap başlaýar. Antarktidanyň üstündäki ozon gatlagynyň dargaýşy ilkinji gezek 1985-nji ýylda belli boldy. XX asyrda adamzat senagatda ozon gatlagyny dargadyjy maddalary işjeň ulandy we bu hem ýaramaz netijelere getirdi. Bu maddalar Monreal teswirnamasy tarapyndan gadagan edilenden soň, ýagdaý kem-kemden gowulaşyp başlady. Ýöne ozona adamlaryň henizem gözegçilik edip bilmeýän beýleki prosesleri hem täsir edýär. Soňky üç ýylda ozon deşigi adatdakysyndan giç ýapyldy. Alymlar muny atmosfera ozony dargadyjy tüsseleri goýberen Awstraliýadaky tokaý ýangynlarynyň täsiri bilen baglanyşdyrdylar.