Electronic Arts kompaniýasy EA Sports FC 24-üň rekord başlangyjy barada habar berdi. Ilkinji hepdede futbol simulýatoryny 11,3 milliondan gowrak geýmer oýnady – bu görkeziji EA Play hyzmatynyň hem alyjylaryny, hem abunaçylaryny öz içine alýar. Bu seriýanyň geçenki lideri FIFA 23-üň netijelerinden 1 million geýmer köpdür diýip, championat.com habar berýär. “Biz şeýle köp janköýeriň bary-ýogy işe başlan ilkinji günlerinde EA Sports FC 24-e goşulandygyna örän begenýäris. Biziň öňki millionlarça oýunçymyzy ýene-de yzyna getirmegimizden başga-da, FC 24-de täze goşulanlaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende tas 20% artdy. Bu dünýäniň dürli künjegindäki futbol janköýerleriniň bu kluba goşulmaga sabyrsyzlyk bilen garaşandygyny görkezýär”. EA Sports FC 24 22-nji sentýabrda irki elýeterlilikde boldy – premial çykyşynyň eýeleri bu oýna bir hepde öň başladylar. Futbol simulýatorynyň doly derejeli çykyşy 29-njy sentýabrda şahsy kompýuterlerde we konsollarda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir