Osakada geçiriljek EXPO-2025 halkara sergisini gurnaýjy gurluşyk üçin çykdajylaryň ýokarlanjakdygyna ünsi çekdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýilnama täzeden garalandan soň, assosiasiýa umumy çykdajylaryň 1,57 mlrd dollar bolmagyna garaşýar diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär. Bu 2020-nji ýyldaky hasaplar bilen deňeşdirilende 335 mln dollar we ilkibaşdaky meýilnamadan 1,8 esse köpdür. Ilkibaşda gurluşyk çykdajylary häzirki walýuta hümmeti boýunça, takmynan, 840 mln dollara barabardy. Guramaçy çykdajylaryň ýokarlanmagyny materiallaryň we zähmetiň bahalarynyň ýokary bolmagy, şeýle-de gurluşyk işlerini akgynly alyp barmak üçin goşmaça çykdajylar bilen baglanyşdyrýar. Bu çykdajylary deň paý bilen üç tarap öz üstüne almaly: merkezi hökümet, prefekturanyň we Osaka şäheriniň häkimiýetleri, şeýle-de biznes topary. Täze smetadan ugur alyp, hökümet 525 mln dollar möçberde çykdajylary öz üstüne almaly bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir