Italiýanyň «Ýuwentus» futbol kluby resmi saýtynda 2022/23-möwsümi üçin maliýe hasabatyny ýerleşdirdi, onda 123,7 mln ýewro möçberinde ýitgi alnandygy görkezilýär diýip, rsport.ria.ru habar berýär. Anna güni klubuň Direktorlar geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bellenilişi ýaly, ýitgiler “Ýuwentusa” gatnaşykda tertip-düzgün temmisi bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde 2021/22-möwsümi bilen deňeşdirilende (239,3 mln ýewro) ýitgileri tas iki esse azaltmagyň başardandygy bellenilýär. Şeýle-de, Direktorlar geňeşi 2027-nji ýyla çenli maliýe meýilnamasyny yglan etdi, onuň çäklerinde paýnama kapitalyny 200 mln ýewro çenli artdyrmak boýunça işler alnyp barlar. Iýul aýynda Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) “Ýuwentusy” maliýe galplyklary sebäpli 2023/24-möwsüminde ýewrokuboklara gatnaşmakdan çetleşdirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir