“Inter Maýaminiň” futbolçysy Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynda (MLS) möwsümiň iň gymmatly oýunçysy üçin baýraga (MVP) dalaş edýär. Bu barada ýaryşyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Düzgünlere laýyklykda, her bir klub baýrak üçin dalaş edip biljek iki oýunçyny özbaşdak saýlaýar. 30 dalaşgäriň hataryna argentinalynyň klubdaşy Serhio Buskets hem girdi. Şeýle-de, Messi möwsümiň iň gowy täze oýunçysy üçin baýraga dalaş edýänleriň sanawyna goşuldy. “Inter Maýaminiň” 2023-nji ýylyň tomsunda topara goşulan ýene bir oýunçysy Žordi Alba möwsümiň iň gowy goragçysy adyna dalaşgär görkezildi. Nominasiýalarda ýeňijiler klublaryň oýunçylarynyň, tälimçileriniň we baş menejerleriniň, şeýle-de HBS-iň wekilleriniň arasyndaky ses berişligiň netijesinde kesgitlener. Ses berişlik 10-njy oktýabrdan 23-nji oktýabr aralygynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir