Şenbe güni Ankarada geçirilen gurultaýda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan dolandyryjy Adalat we Ösüş partiýasynyň (AÖP) lideri wezipesine biragyzdan gaýtadan saýlandy. Oňa gurultaýyň 1399 delegatynyň ählisi ses berdi. Bu barada TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär. Ärdogan Adalat we Ösüş partiýasyna 2001-nji ýylyň awgust aýynda döredileninden bäri ýolbaşçylyk edýär. Bir ýyldan soň, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda partiýa ýeňiş gazandy we şondan bäri Türkiýäniň häkimiýetiniň başynda durýar. Öz çykyşynda türk lideri ynam bildirendikleri üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi we 2024-nji ýylyň 31-nji martynda geçiriljek häkimiýetiň ýerli organlaryna saýlawlar üçin AÖP saýlaw kampaniýasyna badalga berdi. “31-nji martdaky saýlawlarda biz şu ýylyň 14-nji we 28-nji maýynda gazanylan üstünligi (parlament we prezident saýlawlarynda) gaýtalarys we munisipial derejede dolandyryşyň täze eýýamyna başlarys” – diýip, Ärdogan belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir