7-nji oktýabrda “Lusail” awtodromynda Kataryň Gran-prisiniň sprint ýaryşy geçirildi. “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen heniz ýaryşyň dowamynda öz topardaşy, meksikaly Serhio Peresiň heläkçilige uçramagy sebäpli “Formula-1-iň” üçünji çempion titulyny gazanmagy başardy. Serhio Peres aýlawlaryň birinde “Alpiniň” sürüjisi Esteban Okon we “Haasyň” wekili Niko Hýulkenberg bilen çaknyşdy. Serhio Peres 2023-möwsüminiň çempionatynda ýeňiş gazanmaga matematiki mümkinçiligi saklan ýeke-täk sürüjidi. Çempionatyň tamamlanmagyna alty tapgyr galanda onuň hasabynda 223 utuk bardy, Werstappen bolsa meksikaly sürüjiden 177 utuk öňdedi, çempionatyň ýaryşynda bolsa meksikala ýeňiş getirip biljek 180 utuk galypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir